2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Boeing» kompaniýasy müşderilere diňe 348 sany işewürlik uçaryny satdy, bu COVID-19 ýokanjy döwrüni hasaba almanyňda, 2005-nji ýyldan bäri iň pes görkezijidir. Bu barada howa gämilerini öndürijä salgylanýan «Kommersant» habar berdi.
Amerikan kompaniýasynyň Ýewropadan bolan esasy bäsdeşi «Airbus» bolsa, özüniň 766 uçaryny ýerländigini, munuň 2019-njy ýyldan bäri iň oňat görkezijidigini habar berdi.
Öň uçar önümçiligi babatda kompaniýalaryň ikisi hem deňeçer ýagdaýdady, emma 2023-nji ýylda «Boeing» «Airbusdan» 207, geçen ýyl bolsa 418 uçary az öndürdi. Şunda sargytlaryň möçberinden çen tutsaň, aratapawut uzak wagt dowam etse gerek. Sebäbi «Airbus» kompaniýasynyň sargytlar bukjasy 826, «Boeingiňki» bolsa bary-ýogy 377 uçardyr. Müşderiler soňky döwürde bu kompaniýa bilen geleşiklerden ýüz öwürýärler.
Amerikan uçar öndürijisiniň ýaramaz görkezijilerine soňky ýylda onuň uçarlarynda hasaba alnan köpsanly näsazlyklar we işgärleriň köpçülikleýin iş taşlaýyşlary sebäp boldy. Geçen awgustda 33 müň işçiniň gatnaşmagynda kompaniýada bolan iş taşlaýyş iň geçginli «Boeing 737 MAX» kysymynyň önümçiligini bökdedi hem-de birnäçe millard dollar ýitgi getirdi.