«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Mary welaýatyndaky resmi wekili bolan «Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy welaýatyň ýaşaýjylaryna syýahatçylyk hyzmatlarynyň bitewi toplumyny hödürleýär. Müşderiler diňe bir awiakompaniýanyň peteklerini satyn almak bilen çäklenmän, eýsem syýahaty meýilleşdiren wagtlary giňişleýin hyzmatlardan hem peýdalanyp bilerler.
Kompaniýanyň hünärmenleri wiza resminamalaryny düzetmekden başlap, petekleri bronlamaga we myhmanhana ýerleşdirmäge çenli syýahatçylygy guramagyň ähli işlerini öz üstlerine alýarlar. Özbaşdak syýahatlardan başga-da, «Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy toparlaýyn syýahatçylyk saparlaryny guramak bilen, üýşüp syýahat etmek arkaly dynç almak isleýänlere giň mümkinçilikleri ýetirýär.
Mary welaýatynyň bu amatly syýahatçylyk tekliplerine gyzyklanma bildirýän ýaşaýjylary kompaniýanyň şu aşakdaky salgyda ýerleşýän ofisine ýüz tutup bilerler: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 52A jaýy (öňki Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasynyň 1-nji gaty.
Kompaniýanyň wekilleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: