Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Patriot» teleýaýlymy işe başlady

09:2216.01.2025
0
9262
Russiýada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Patriot» teleýaýlymy işe başlady
Surat: gazeta.ru

Russiýada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna gabatlanyp, «Patriot» (Watançy) teleýaýlymy işe başlady. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.

Täze ýaýlymda rus halkynyň ýeňişleri, maşgala gymmatlyklary, medeniýeti we däpleri barada gürrüň berýän çeper filmler hem-de seriallar tomaşaçylara görkeziler diýlip, habarda bellenýär.

Teleýaýlymyň kitaphanasy «Mosfilm» kinokonserniniň, «Döwletteleradiogaznanyň», rus we sowet kinostudiýalarynyň surata düşüren önümlerinden ybaratdyr. Olaryň arasynda «Esger hakda ballada», «Esger frontdan geldi», «Kyrk birinji», «Azat ediş», «Olar Watan üçin söweşdiler», «Duşuşyk ýerini üýtgetmeli däl», «Baharyň on ýedi pursady» hem-de «Timur we onuň topary» ýaly nusgawy filmler bar.

Täze teleýaýlymda şeýle hem häzirki zaman seriallary we filmleri görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň