Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti welaýatda döwrebap dokma pudagynyň döremeginiň mynasyp kerwenbaşysyna öwrüldi. Jemi 20 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän, Italiýanyň «Savio» we «Marzoli» kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan toplum ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna ynamly goşuldy.
2024-nji ýyl toplumda 4 müň 210 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, pul hasabynda bitirilen işiň 135 million manatlyga ýetendigi bellärliklidir. Bu görkeziji meýilnama garanyňda, iki esse köpdür.
Gürrüňi edilýän ýylda sarp edijilere ugradylan ýüplükleriň umumy möçberi 5 müň 715 tonna golaýlap, onuň 64 tonnadan gowragy daşarky bazarlaryň sarp edijileri tarapyndan uly höwes bilen satyn alyndy. Şunda umumy girdeji 118 million manatlyga barabar bolup, munuň özi 2023-nji ýyldakydan üç essä golaý köpdür.
2024-nji ýyl bu ýerden ýurduň dokma toplumynyň kärhanalaryna 1 müň 650 tonnadan artyk ýokary hilli ýüplükler ugradylyp, 28 million manatlykdan gowrak iş bitirilipdir diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.