2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary – Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň “Reňkleriň simfoniýasy” atly şahsy döredijilik sergisi açylar.
Suratkeş Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaş ýubileýi mynasybetli gurnaljak bu sergide olaryň dürli ýyllarda döreden 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri görkeziler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini ýöredýän Gahryman Goçmyradowyň hem-de onuň maşgalasy Gunça Goçmyradowanyň eserleri esasan, halk döredijiligine, adamzat filosofiýasyna, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine, halklaryň arasyndaky dost-doganlyga we asuda Watanymyzyň şahyrana waspyna esaslanýar.
Sergi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne sagat 16:00-da açylar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Asudalyk köçesi, 33 jaý.