Gyrgyzystanyň Parlamentiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew familiýasyny üýtgetdi, ol indi Nurlanbek Turgunbek uulu (ogly) boldy. Ol bu barada özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy diýip, «Report» habar berýär.
«Globallaşma döwründe öz garaşsyzlygyň ýaly, milli özboluşlylygyňy hem saklamak meselesi örän wajypdyr. Eger biz gözbaşlara dolanmasak, dilimizi, dinimizi, däp-dessurlarymyzy sap görnüşde gorap saklamasak, geljegimiz nämälim bolar» diýip, Turgunbek uulu ýazdy.
Ol şeýle-de öz kärdeşleri bilen bilelikde işlenip düzülen kanun taslamasy barada ýatlatdy, onda gyrgyz familiýalylaryny ýazmagyň täze dört nusgasy göz öňünde tutuldy.
«Biz araplara, amerikalylara, ruslara, ýewropalylara meňzejek bolup, näçe jan etsegem, azabymyz gowuşmaz. Şonuň üçin gözbaşlara dolanmaly döwrümiz geldi» diýip, Mejlisiň Başlygy nygtady.
Parlamentiň ýolbaşçysynyň saýlap alan familiýasy Gyrgyzystanda giňden ulanylýar.