Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Kataryň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

17:1913.01.2025
0
18230
Türkmen ilçisi Kataryň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Surat:orient.tm

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda ilçi 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada durup geçdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň geçen ýylyň fewral aýynda Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň netijelerini, şeýle hem ylmy tehnologiýalar ulgamynda bilim berýän

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmak ýaly geljekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň