Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýden 15-nji ýanwarda Prezident möhletiniň jemleri boýunça millete ýüzlener

15:1013.01.2025
0
18506
Baýden 15-nji ýanwarda Prezident möhletiniň jemleri boýunça millete ýüzlener
Surat: belta.by

ABŞ-nyň döwlet Baştutany Jo Baýdeniň Prezidentlik möhletiniň jemleri boýunça hoşlaşyk ýüzlenmesi 15-nji ýanwarda bolar. Bu barada «RIA Nowosti» Ak tama salgylanyp habar berdi.

Habarda Baýdeniň Ak Tamyň Süýri otagynda çykyş etjekdigi bellenýär.

Hoşlaşyk ýüzlenmesi amerikan liderleriniň döwlet Baştutany wezipesindäki işiniň jemlerini jemleýän däbe öwrülen çykyşydyr.

Biraz soňrak täze saýlanan Prezident Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasy geçer, ol 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň