2024-nji ýylda 2 müňden gowrak Türkmenistanly Malaýziýa syýahat etdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda gol çekişilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama degişli ugurdaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy. Ol 11 maddadan ybarat bolup, 5 ýyla niýetlenilendir. Onuň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrligi gözegçilik edýär.
Şeýle-de iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýlandygy, Türkmenistanyň raýatlaryna 90 güne çenli Malaýziýada wizasyz bolmaga rugsat berilýändigi bu ýurda barýan türkmen jahankeşdeleriniň dowamly artmagyna şert döredýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary bilen Malaýziýanyň degişli ugurda iş alyp barýan kärhanalarynyň arasynda degişli şertnamalaryň 15-e golaýy baglaşyldy. Malaýziýa syýahat etmek isleýän türkmenistanlylar hereket edýän 100-den gowrak türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň üsti bilen öz syýahatyny amala aşyryp bilýärler. Syýahatlar toparlaýyn, ýekelikde we maşgala görnüşinde guralýar.