ABŞ-nyň Günorta Kalforniýasyndaky tokaý ýangynlaryna erk etmek mümkin däl, resmi adamlar çakdanaşa kän ýitgiler barada duýdurýarlar. Bu barada ýurduň «The New York Times» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar.
Los-Anjeles şäherinden günbatardaky Santa-Monika kenarýaka şäheriň ilatynyň bir bölegini göçürmeli boldy, sebäbi ýangyn kenarýakadaky öýleri ýok etdi. Häkimiýetler ýangynyň çalt ýaýramak howpy barada duýdurdylar.
Habarda Los-Anjelesiň Pasifik-Paliseýds kaşaň etrabyndan azyndan 30 müň ýaşaýjynyň göçürilendigi aýdylýar.
«The New York Times» gazeti, adatça, şeýle howply ýangynlaryň Kaliforniýada ýanwarda bolmaýandygyny ýazýar. 20-den gowrak şeýle uly ýangynlar öň iýun-dekabr aralygynda, köplenç oktýabrda bolýardy.
Los-Anjeles okrugyndaky tokaý ýangynlarynyň 1344 gektara ýetendigini Kaliforniýa ştatynyň ýangyn söndüriş gullugy habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.