Günorta Koreýanyň «Samsung Electronics» kompaniýasy özüniň öndürýän telewizorlaryna emeli aňyň (EA) täze mümkinçiliklerini ornaşdyrmakçy. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Samsung Vision AI» atly täze tehnologiýa tomaşaçylara dowam edýän gepleşikler barada maglumatlary tomaşa etmegi togtatmazdan gözlemäge, başga dildäki gepleşikleriň subtitrlerini hem-de dinamiki we şahsy islege görä fon şekillerini döretmäge mümkinçilik berer.
«Samsung Vision AI» şeýle-de telewizorlary «SmartThings» diýilýän «akylly» zatlaryň ekoulgamyna utgaşdyrmak arkaly, öýdäki ýagdaý, öý haýwanlarynyň özüni alyp barşy we ýakynlaryň saglyk ýagdaýy barada habarlar bilen üpjün eder.
Kompaniýanyň habarynda täze mümkinçilikleriň «Samsung Neo QLED», «OLED», «QLED» we «The Frame» kysymlaryna ornaşdyryljakdygy bellenýär.