Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Şöhle diller merkezi» okuw merkezi nemes dili okuwlaryna çagyrýar

10:3606.01.2025
0
16667

2024-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda nemes dilini öwretmäge ýöriteleşen täze «Şöhle diller merkezi» okuw merkezi işläp başlady. Merkez 12 ýaşdan uly ýetginjekler hem-de uly ýaşlylar üçin bu dilde geplemegi öwrenmegiň başlangyç A1-dan başlap, kämil C1-e çenli ähli derejelerinde okuwlary hödürleýär.

Bilim edarasy öwrenmek işinde toplumlaýyn çemeleşmäge aýratyn ähmiýet berýär: sapaklar häzirki zaman okuw materiallaryny ulanyp kiçi toparlarda geçirilýär, bu ýerde gepleşik kluby bolup, film görkezilişi we nemes dilinde karaoke ýaly mowzuklaýyn agşamlar guralýar. Okuwlar tamamlanandan soň, uçurymlara şahadatnamalar gowşurylýar.

Her okuwyň dowamlylygy 2,5 aý bolup, sapaklar hepdede üç gezek iki sagatlap geçirilýär. Merkez mekdep okuwçylary, talyplar hem-de bilim we saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri üçin ýörite arzanladyşlary hödürleýär.

Möhüm teklip!

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda merkez A1.1 we A1.2 derejeli başlangyç toparlaryny açýar. Bu okuwlar ýörite teklip esasynda — her okuw möhletinde 360 manat arzanladyş bilen ýetiriler.

Merkezde beýleki okuwlara bolsa «Dostuňy çagyryp, arzanladyş al!» aksiýasy bardyr. Bu ýeri salgy berip getiren bir dostuňyz üçin 20% arzanladyş, iki dostuňyz üçin — 40% arzanladyş alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, «Çarwadar» söwda merkezi, Blok А, 3-nji gat;
  • telefon belgileri: (+993 71) 32 88 18, (+993 71) 81 83 19;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň