Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Guardian»: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy iri nebit portlarynyň gark bolmagyna getirer

10:2706.01.2025
0
12676
«Guardian»: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy iri nebit portlarynyň gark bolmagyna getirer
Surat: rg.ru

Howanyň üýtgemegi netijesinde deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy dünýäniň iri nebit portlarynyň gark bolmagyna getirer, muňa halkara alymlar toparynyň geçiren ylmy barlaglary güwä geçýär diýip, «rg.ru» habar berdi.

Täze ylmy barlaglar 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilen barlaglara esaslanýar, onuň netijesinde, has köp nebit tankerlerine hyzmat edýän 15 nebit portlarynyň 12-siniň deňziň derejesiniň ýokarlanmagynyň öňünde güýçsüzdigi anyklandy diýip, «Guardian» neşiri ýazdy.

«Climate Central» we «GoogleMaps» kartalaryndan görnüşi ýaly, deňziň derejesiniň 1 metr ýokarlanmagy deňiz duralgalaryna, nebit saklawhanalaryna hem-de nebiti gaýtadan işleýän kärhanalardyr degişli infrastruktura howp salar.

Bu ýagdaý, eger buzluklar döwülse we howa taşlanýan zyýanly galyndylar azaldylmasa, eýýäm 2070-nji ýylda bolar diýip, alymlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň