Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu hepde Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň -8 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar

10:2406.01.2025
0
9355

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň -8 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -4 gradus sowukdan +2... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +6 gradusdan +12... +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň