Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýada iki ýüzden gowrak adam Täze ýyl diýen ady göterýär

16:0003.01.2025
0
20415
Mongoliýada iki ýüzden gowrak adam Täze ýyl diýen ady göterýär
Surat: vfokuse.mail.ru

Täze ýyl (Şine žil ýa-da Şine on) diýen ady Mongoliýada 200-den gowrak adam, Garpamyk (Sasan ohin) diýen zenan adyny bolsa bäş sany zenan göterýär. Bu barada ýurduň Milli statistika edarasy habar berdi diýip, TASS habar berýär.

Mongollar ir döwürlerden bäri çagalara uzyn we adaty bolmadyk atlary dakmagy halaýarlar. Şunda tanyşlykda ilki çaganyň kakasynyň ady, ondan soňra öz ady tutulýar.

Uzak wagt dowam eden gadaganlykdan soňra 1990-njy ýyllarda ýurtda nebere familiýalaryny dikeltmek ýola goýuldy. Ilkinji mongol kosmonawty Žugderdemidiýn (Žugderdemidiň ogly) Gurragça Sansar (älem) diýen familiýany saýlady. Onuň sowet-mongol kosmonawtlaryndan ybarat düzümde Wladimir Žanibekow bilen bilelikde äleme uçuşyndan soňra Mongoliýada Sansar, Wladimir we Žanibekow diýen atlar köpeldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň