Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze «Apple» syçanjygyny ses arkaly dolandyryp bolýar

08:0003.01.2025
0
11396
Täze «Apple» syçanjygyny ses arkaly dolandyryp bolýar
Surat: overclockers.ru

«Apple» kompaniýasy 2026-njy ýylda ses we buýruk arkaly dolandyrylýan «Magic Mouse» kompýuter syçanjygynyň köpçülikleýin önümçiligine girişmekçi. Bu barada ygtybarly çeşmelere salgylanýan «caliber.az» habar berýär.

Täze enjamda öňki nusgalardaky duşýan, mysal üçin, güýç berilýän ýeriniň amatsyz ýerleşýändigi ýaly kemçilikler aradan aýrylar. Güýç berijiniň amatsyz ýerleşmegi enjamy güýç berilýärkä ulanmaga päsgel berýärdi.

Geljekki «Magic Mouse» sensor dolandyrylyşy, ses buýruklary we yşaratlary syzmak ukyplaryny özünde jemläp, has döwrebap keşp alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň