Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilçi Iwan Wolynkin: 2024-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm wakalar bilen ýatda galdy

14:3802.01.2025
0
16923

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin ilçihananyň web sahypasynda paýlaşylan Täze ýyl gutlagynda geçen ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalar bilen ýatda galandygyny nygtady.

«Görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy görlüp-eşidilmedik derejede bellenildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň daşynda, şol sanda Russiýada-da giňden bellendi. Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäreler üstünlikli geçirildi. «Akylly» Arkadag şäheriniň açylmagynyň ilkinji ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Täze döwrebap zawodlar, çylşyrymly infrastruktura desgalary, şäherleriň arasyndaky giň zolakly awtoulag ýollary ulanylmaga berildi, ajaýyp seýilgähler we ýadygärlikler guruldy» diýlip, ilçiniň gutlagynda bellenilýär.

Ilçiniň bellemegine görä, tamamlanan 2024-nji ýyl strategiki derejesini ýene bir gezek subut eden rus-türkmen gatnaşyklary üçin aýratyn ýyl boldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk, syýasy dialog ýa-da ynsanperwerlik gatnaşyklary, garaz, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şeýle-de ol 2025-nji ýylyň ajaýyp we täsirli boljakdygyna ynam bildirdi hem-de onuň iň möhüm wakalaryndan biriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar boljakdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk, abadançylyk we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň