2025-nji ýylda dünýä injek çagalar täze – «beta» nesliniň ilkinji wekilleri bolarlar. Bu barada demograf Mark Makkrindla salgylanýan «New York Post» (NYP) neşiri ýazýar.
«Beta» nesli takmynan 2039-njy ýyla çenli dowam edip, 2010-2024-nji ýyllar aralygynda dowam eden «alfa» neslinden soň gelýär.
Makkrindlyň sözlerine görä, çagalaryň täze nesli howanyň üýtgemegi, ilatyň ählumumy migrasiýasy we okgunly şäherleşme ýaly çynlakaý durmuş kynçylyklary bilen göreşýän dünýäni miras alarlar.
2035-nji ýylda «beta» nesli dünýä ilatynyň 16 göterimini tutar.