Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň 39-njy Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşynda aradan çykdy

09:3302.01.2025
0
10321

ABŞ-nyň 39-njy öňki Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşynda ýurduny täzeledi. Onuň oglunyň sözlerine görä, syýasatçy ýurduň Jorjiýa ştatynyň Pleýns diýen ýerindäki öýünde 29-njy dekabrda aradan çykdy. Bu barada «The Washington Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

2019-njy ýylda Jimmi Karter dünýäde iň uzak ýaşly amerikan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Ol 1977-1981-nji ýylda ýurduň Prezidenti boldy. 2002-nji ýylda parahatçylyk üçin Nobel baýragyna mynasyp boldy.
Karteriň aradan çykmagy bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwary ABŞ-da milli matam güni diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň