Amerikaly işewür Ilon Mask geljekde Ýeriň ýaşamak üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdy. Bu takmynan ýene 500 million ýyldan bolar diýen Maskyň sözlerini «360» portalyna salgylanýan «MIR 24» getirýär.
Öň sosial ulgamlarda ýene 5 milliard ýyldan Günüň partlajakdygy we şonda Ýerde ýaşaýşyň mümkin bolmajakdygy, adamlaryň başga planeta göçmeli boljakdygy barada çaklama ýerleşdirilipdi.
Emma dünýäniň iň baý işewüri Zeminde ýaşaýşyň ondan has irräk – ýene ýarym milliard ýyldan tamamlanjakdygyny ýazdy. Partlamazyndan öň Gün giňäp başlar we biziň planetamyza heläkleýji täsir eder.
Öň Ilon Mask adamlaryň halas bolmak üçin başga planetalary özleşdirmäge girişmelidigi barada pikir bilen çykyş edipdi. Ol munuň üçin öz kompaniýasynyň öndürýän köp gezek ulanylýan raketa-göterijilerini peýdalanmagy teklip etdi.