Täjigistanda rus dili boýunça hünärmen mugallymlara isleg barha artýar we bilim ulgamynda muny göz öňüne almak gerek. Ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon 28-nji dekabrda parlamente iberen ýüzlenmesinde şeýle diýdi. Bu barada «Regnum» habar berdi.
«Täjigistanda rus dili mugallymlaryna isleg artýar. Onuň öwrenilmegini beýleki diller ýaly mekdebe çenli edaralarda ornaşdyrmak gerek» diýip, ýurduň döwlet Baştutany nygtady.
Emomali Rahmon munuň üçin mekdep maksatnamalaryny üýtgetmäge we mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga çagyrdy.
Häzirki wagtda rus dili dünýäde giň ýaýran dilleriň ýedinjisi bolup durýar diýlip, habarda bellenýär.