Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlag hatyny iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:
"Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatyňyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen paýhasynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar, sebit hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini has-da belende göterýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýär. Häzirki wagtda hut parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik we dostluk Siziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryňyzda öz beýanyny tapýar. Bu günki gün hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugry öz anyk miwelerini berýär. Diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň birnäçesine — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy biziň üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegiňiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň anyk beýany boldy. Siz beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden taryhy çykyşyňyzda: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýip, örän jaýdar bellediňiz. Hakykatdan-da, häzirki wagtda bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň mazmunyny emele getirip, tutuş dünýäde dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
2025-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram eder. Bu sene ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň möhüm üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylyga öwrüler. Şeýle şanly sene bilen utgaşyp gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryňyzy has-da rowaçlandyrjak ýyl boljakdygyna pugta ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!".