Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

14:3929.12.2024
0
18195

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Döwlet Baştutany 28-nji dekabrda ilki bilen Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde depesinde 2025 ýazgyly sekizburçly ýyldyz bolan, köp dürli oýunjaklar, çyralar bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 we ini 16 metrdir. Onuň töwereginde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Ýaşajyk türkmenistanlylar bu ýerde döwlet Baştutanyny öz öwrenen goşgularyny aýdyp garşyladylar. Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk hem baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bagtyýar körpeleriň haýyşy boýunça Aýazbabadyr Garpamyk, şeýle-de geçip barýan ýylyň we täze ýylyň nyşanlary bolan balygyň we ýylanyň keşbindäki körpeler, köp sanly şadyýan çagalar bilen ýurduň Baş arçasynyň daşyndan aýlandy. Şadyýan çagalar, teatr we sirk artistleri döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli bagtyýar körpeleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan baýramçylyk çäresine hem gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, dürli derejeli ýolbaşçylar, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri-de bu dabaraly çärä öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar we bagtyýar körpeleriň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar. Bu ýerde bagtyýar çagalar, teatr we sirk artistleri, sungat ussatlary döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar körpeleriň, estrada aýdymçylarynyň, teatrlaryň we sirkleriň, halk döredijilik we tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtygy Aýjeren Täze ýyl baýramyna sowgat hökmünde türkmen we iňlis dillerinde goşgy aýtdy hem-de saz guralyny çaldy. Şeýle hem ýaş solistler, köp sanly döwlet bäsleşikleriniň we halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri öz sungatyny, başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň işgärleri hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Täze ýyl mynasybetli, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara süýjülik torty paýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň