Dürli türk süýjülikleri bilen Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşgurlyk gazanan «Katmer» kafesi täze mümkinçilikler bilen myhmanlaryny begendirmegi dowam edýär.
Iň ýaş myhmanlar üçin kafede kiçi oýun meýdançasy döredildi. Batut, hiňňildik we typylýan desga çagalarda ýakymly duýgulary döreder.
«Katmer» kafesiniň menýusy hatda iň talapkär müşderileri hem geň galdyrar. Hakyky türk süýjüliklerinden başga-da, bu ýerde çorbalary, işdäaçarlary we doýuryjy gyzgyn tagamlary dadyp görüp bilersiňiz. Içgileriň dürli görnüşleri islendik tagam bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän içgini saýlamaga mümkinçilik berer.
«Katmer» kafesi – bu rahat gurşaw, dostlukly işgärler we baý menýu. Tutuş maşgalaňyz bilen geliň we ýakymly gurşawda wagt geçiriň!
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Ankara (ozalky Ýubileýnaýa) köç., 19;
- telefon: (+993 63) 24 99 44;
- sosial ulgamdaky sahypasy.