Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa indiki ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem söz berildi. Ol çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanynyň ýurt üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň adyny yglan edendigini belledi. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýetip gelýän Täze ýyl, şeýle hem täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanyna gutlaglaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlaryň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar türkmen döwletini ösdürmek ugrunda olaryň alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.