Özbegistanyň Statistika boýunça agentligi 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda ýurduň umumy bahasy 346,5 million dollar bolan el telefonlarynyň 3,8 millionyny daşary ýurtlardan satyn alandygyny habar berdi. Bu barada «Daryo.uz» portaly ýazdy.
Özbegistana ykjam telefonlar, esasan, Hytaýdan (3,1 mln), Wýetnamdan (535,5 müň birlik), Hindistandan (110,7 müň birlik), Gonkongdan (43,2 müň birlik) we beýleki ýurtlardan (5,1 müň birlik) getirildi.
Şunda bir telefonyň ortaça bahasynyň 91 dollar töweregidigi we has elýeterli kysymlaryň meşhurdygy habarda bellenýär.
Habarda şeýle-de birini çärýekde Gazagystanyň umumy bahasy 283,5 mln dollar bolan 1,09 million smartfony import edendigi aýdylýar.
Hytaý ýurtlaryň ikisine hem esasy import ediji ýurt bolup durýar.