Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

91 ýaşly braziliýaly zenan orta bilim hakda şahadatnama aldy

09:0027.12.2024
0
11712
91 ýaşly braziliýaly zenan orta bilim hakda şahadatnama aldy
Surat: rg.ru

Braziliýada 91 ýaşly zenan özüniň mekdebi tamamlandygyny baýram etdi. Ol çagalygyndan ýazmagy we okamagy öwrenmegi arzuw edýärdi, emma diňe garrylyk salynda bu arzuwyny amala aşyrmagy başardy diýip, «rg.ru» ýazýar.

«Men çagalygymdan bäri öz adymy ýazmagy arzuw edýärdim, okap-ýazyp bilmeýändigim hemişe meni biynjalyk ederdi. Emma hiç wagtam arzuwymy bes etmedim» diýen San-Paulu ştatynyň 91 ýaşly ýaşaýjysy Iolanda Ribeýro Kontiniň sözlerini «G1» portaly getirýär.

Sekiz ýaşynda Iolanda ene-atasyna meýdan işlerinde hem-de kiçi doganlaryny terbiýelemekde kömek edip başlady. Şonuň üçin onuň mekdepde okamaga wagty bolmady.

Zenan öz adyny ýazmagy 85 ýaşynda öwrendi. Golaýda oňa dabaraly ýagdaýda orta bilim hakynda şahadatnama gowşurdylar.
Iolanda okuwyny dowam etdirmegi maksat edinýär, ol uniwersitete girip, lukmançylyk ugrunda ýokary bilim almaga taýýarlanýar. Ol berhiz lukmany bolmakçy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň