2024-nji ýylda Lebap welaýatynda ýeralma ekilen ýerleriň her gektaryndan 140 sentnerden geçirilip, hasyl ýygnaldy. Soganyň, pomidoryň her gektaryndan ýygnalan hasyl bolsa 250 sentnerden geçýär. Käşirden hem her gektara düşýän hasyl 180 sentnere barabar boldy.
«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, çörek we çörek önümleri hem geçen ýyldakylardan has köp öndürildi. Bu bolçulygyň çeşmesi ak bugdaýyň ýeterli hasylynyň ýygnalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň galla oragynda welaýatyň zähmetsöýer gallaçylary 130 müň gektar meýdanda azyklyk bugdaýyň 310 müň tonnasyny ýygnadylar.
Welaýatda 10200 gektar meýdanda şalynyň 47400 tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, uly zähmet üstünligi gazanyldy.