Merkezi Mary şäherinde ýerleşýän «Dünýä Ulag Hyzmatlary» hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary bazaryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Özüni işewürlik üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadan bu kompaniýa ulag ýük daşamalarynyň — deňiz, awtomobil, demir ýol, howa hem-de multimodal ugurlar ýaly ähli görnüşleri boýunça giň çözgütlerini hödürleýär.
Işewürlik üçin toplumlaýyn logistika çözgütleri:
«Dünýä Ulag Hyzmatlary» diňe ýük daşamak hyzmatlary bilen çäklenmeýär. Kompaniýa logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny, şol sanda şulary hödürleýär:
• ýükleri birleşdirmek we paýlamak;
• ammar hyzmatlary;
• gümrük taýdan resmileşdirmek;
• ýük ätiýaçlandyryşy;
• maslahat bermek.
Kompaniýa şeýle hem şu hyzmatlary ýerine ýetirýär:
• iş hatyny we resminamalary gowşurmak;
• sergi enjamlaryny daşamak;
• professional derejede gaplamak (şol sanda döwüljek we gymmatly harytlary);
• diplomatik we resmi ýükleri eltmek.
Işiň giň geografiýasy:
«Dünýä Ulag Hyzmatlary» hyzmatdaşlaryň we wekilleriň giň toruna eýe bolmak bilen, dünýäniň islendik künjüne ýükleri daşamak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Kompaniýa diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Ýewropada, GDA-da we beýleki sebitlerde hyzmatlaryny hödürleýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• ýerleşýän salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi, 52А jaýy (ozalky Atabaýew köçesi), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
• telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
• sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: