USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
USAID-iň YDA taslamasynyň bu maksatnamasynyň maksady NEBOSH boýunça okuw we halkara hünär sertifikatlaşdyrylyş ulgamyny hem-de tejribesini Türkmenistanda ornaşdyrmakdan ybarat. Bu maksatnama ýaşlara Türkmenistanyň zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünärler boýunça bilim almak we halkara hünär sertifikatyny almak mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
NEBOSH sertifikaty (National Examination Board in Occupational Safety and Health) halkara derejesinde ykrar edilýär we hünär derejelerini ýokarlandyrmak we zähmet karýerasyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. NEBOSH sertifikaty zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda bilimiň we başarnyklaryň ýokary derejededigini güwä geçýär.
Maksatnamanyň çäginde zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy boýunça 10 günlük treningiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Synagdan üstünlikli geçen gatnaşyjylar halkara NEBOSH IGC sertifikatyny alarlar.
Trening 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda “offline” görnüşinde Aşgabatda geçiriler.
Trening halkara akkreditirlenen bilermenler tarapyndan rus dilinde alnyp barylar.
Bu maksatnama orta hünär ýa-da ýokary bilimli we zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda tejribesi bolan 28 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.
Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.
Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.
Bu maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 14-ne sagat 14:00 çenli şu aşakda görkezilen link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz.
Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: hatabayev@q2impact.com