Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Boýarskiý özüni gaharjaň, igenjeň goja diýip atlandyrdy

21:0023.12.2024
0
8776

Russiýaly meşhur kino we teatr artisti Mihail Boýarskiý «Millionlyk syr» atly gepleşikde özüniň ýaşyndan juwan görünmek üçin aladalanmaýandygyny gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Boýarskiý öz garrylygyndan asla utanmaýandygyny aýtdy. Ol özüni «gaharjaň we iňňirdi gojajyk» diýip atlandyrdy. Artistiň 26-njy dekabrda 75 ýaşy dolýar.

«Men 75 ýaşymda, agtyk görenim üçin ykbalymdan razy, doslarym bilen hem wagtymy hoş geçirdim. Diňe men garramok, ýakynlarymam, tanyşlarymam garraýarlar» diýip, aktýor ýüregini dökdi.

Mihail Boýarskiniň pikirine görä, garrylykda beýleki adamlar bilen durmuş gymmatlyklary barada dil tapyşmak has ýeňil düşýär. Adamlar ýaşy ulaldygyça, durmuşda her bir pursadyň gadyr-gymmatyny duýýarlar.

Telegepleşigiň alypbaryjysy Lena Kudrýawsewa bilen söhbetdeşlikde goja aktýor ýatlamalary ýazýan gündeliginiň ýylsaýyn ýukalýandygyny, munuň gynandyrýandygyny boýun aldy.

«Gynansagam, kärdeşim Walentin Smirnitsiý bilen bu barada kän gürrüň edýäris. Birek-birege başardygymyzça, göwünlik berýäris. Bir-birimiziň garrylygymyzyň üstünden gülýäris» diýip, Boýarskiý nygtady.

Öň Boýarskiý artistlik işini bes etmekçidigi barada ýaňzydypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň