Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, "Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy" baradaky Karara, 21-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi.