Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

12:4122.12.2024
0
3330

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda milli parlamentiň 30-njy noýabrda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada hem aýdyldy.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynda görülýän çäreler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň