Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy «Türkologik okaýyş» sapaklarynyň çäginde umumy sapak geçdi

11:3919.12.2024
0
12205
Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy «Türkologik okaýyş» sapaklarynyň çäginde umumy sapak geçdi
Surat: Turkmenmetbugat

Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda türki dünýäniň beýik akyldary we Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly umumy sapak geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Magtymgulynyň älemi» ady bilen geçirilen umumy sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow alyp bardy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, aspirantlar, ýaş alymlar gatnaşdylar.

Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersiteti her ýyl türkologiýa ugry boýunça talyplar, aspirantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin «Türkologik okaýyş» sapaklaryny geçirýär. Onuň esasy maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň tanymal alymlary, jemgyýetçilik işgärleri bilen türki halklaryň diliniň, edebiýatynyň, taryhynyň, medeniýetiniň häzirki zaman ylmy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň