Fransiýanyň Hind ummanyndaky çägi bolan Maýottada Şido deňiz tupany sebäpli 14 adam pida boldy. Bu barada «BFMTV» teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
Maýottada 320 müň adam ýaşaýar. Şemalyň tizligi sagatda 200 kilometre ýetdi. Häzirki wagtda Maýottada soňky 90 ýylda iň güýçli bolan deňiz harasaty köşeşdi, emma ol 15 müň öýi elektriksiz goýdy.