Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň baş Aýazbabasy Täze ýylda ulularyň näme arzuw edýändiklerini gürrüň berdi

12:0914.12.2024
0
14695
Moskwanyň baş Aýazbabasy Täze ýylda ulularyň näme arzuw edýändiklerini gürrüň berdi
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň paýtagtynyň uly ýaşly ýaşaýjylarydyr myhmanlary Aýazbabadan, esasan, ipoteka karzlaryny üzlüşmegi, işe ýerleşmegi, gurluşyk materillary üçin arzanlaşyklara duşmagy haýyş edýärler. Bu barada Moskwa şäheriniň baş Aýazbabasy metbugat duşuşygynda gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Aýazbabanyň gürrüňine görä, ol her gün diňe çagalardan däl, eýsem, uly adamlardan hem müňlerçe arzuwly hatlary alýar. Ulularyň dilegleri, elbetde, kynrak diýip, Täze ýyl baýramynyň jadygöýi sözüniň üstüni ýetirdi.

Öň «Rabota.ru» serwisi uly ýaşly russiýalylaryň Täze ýyl gijesinde nämeleri dileg edýändiklerini habar beripdi. Olaryň arasynda iň ýörgünli arzuwlar özüň we ýakynlaryň saglygy (76 göterim), bagt (44 göterim) hem-de tebigy heläkçilikleriň täze ýylda asla bolmazlygyny dilemek bolup durýar. Elbetde, Täze ýyl baýramynda geň arzuw edýänler hem ýok däl, mysal üçin, uly ýaşly russiýalylaryň içi pul doly çemedan tapmagy arzuw edýänleri-de bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň