Şweýsariýanyň Parlamenti maliýe ministri Karin Keller-Satteri 2025-nji ýylda ýurduň Prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada Parlamentiň saýtynda çap edilen habara salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.
«Karin Keller-Satter 2025-nji ýylda Şweýsar Konfederasiýasyna ýolbaşçylyk eder. Federal ýygnak ony çarşenbe güni 203 sany hereket edýän býulletenleriň 168-siniň goldamagynda wezipä saýlandy.
Sankt-Uelsiň Radikal-liberal partiýasynyň agzasy bolan 61 ýaşly ýaşaýjysy Karin Keller-Satter bu wezipede «Sentra» partiýasyndan bolan Wiola Amherdi çalşar» diýlip, resminamada bellenýär.
Keller-Satter maliýe ministri bolup işleýär.
Şweýsar Konfederasiýasynyň Prezidenti Parlament tarapyndan bir ýyl möhlet bilen saýlanýar we ol şu möhletde Hökümetde oňat hyzmatdaşlygy üpjün etmeli hem-de wekilçilik wezipelerini ýerine ýetirmeli.