Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda uçut gaýada dükan işleýär

08:0013.12.2024
0
11792
Hytaýda uçut gaýada dükan işleýär
Surat: rg.ru

Dünýäde iň oňaýsyz ýerde ýerleşen bu dükända söwda etmek müşderä iň ýiti duýgulary hem peşgeş edip biler, ol Hytaýyň Sinýuçžaý seýilgähindäki dagyň kert gaýasynda ýerleşýär. Iýmit we içgi satyn almak üçin müşderiler 120 metr belentlikdäki dükana dyrmaşyp barmaly bolýarlar. Bu ýerde haryt satyn alanlar soňra öz agtyklaryna ol barada hakyky edermenlik hökmünde gürrüň berip, magtanyp bilseler gerek diýip, «rg.ru» ýazýar.

Dükan 4 inedördül metri eýeläp, ol agaçdan gurlan we gaýa pugta berkidilen. Öň bu agaç öýjagaz daga münüjiler üçin dynç almak üçin düşelgedi, soň ony dükana öwürmek kararyna geldiler. Ol ir sagat 8.00-dan agşam 17.00-a çenli işleýär.

Esasy müşderiler alpinistler we töwekgelçilikli dynç alşy halaýanlar. Dükan meşhur jahankeşdelik ugrunyň ýakasynda ýerleşip, onda miwe şerbetleri, gazly suwlar we ýeňil tagamlardyr daga münüjiler üçin serişdeler satylýar. Suwy ol ýerde mugt berýärler, onuň üçin ýanyňda gabyň bolmaly.

Satyjynyň özi-de iş ýerine daga münüjileriň enjamlaryndan peýdalanyp çykýar. Ol öň daga münmek bilen asla meşgullanmaýardy, indi işi üçin muny-da öwrenmeli boldy. Jahankeşdeler Sinýuçžaý seýilgähindäki bu täsin dükana ýadygärlik haryt satyn almak üçin hem gelýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň