10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Ýesper Waryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine doly goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine syn berdiler. Türkmenistan bilen Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Diplomatlar BMG-niň çäginde hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gepleşikleriň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan türkmen-daniýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdiler.