Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenportal Backend we Frontend programmalary boýunça hünärmenleri işe çagyrýar

10:1811.12.2024
0
12043

Türkmenportal web-işläp düzme ugry boýunça hünärmenleri işe alýandygyny yglan edýär. Internet neşiri öz tehniki toparyny güýçlendirmek we innowasion sanly önümleri ösdürmek maksady bilen, Backend we Frontend programmalary boýunça hünärmenleri gözleýär.

Backend programmasy boýunça hünärmen

Bildirilýän talaplar:

Node.js: täjirçilik ugrunda azyndan 2 ýyl iş tejribesi.

TypeScript/JavaScript: çuňňur bilimi, bu häzirki zaman fiçleri we patternleri öz içine alýar.

Frameworkler: Express.js, NestJS ýa-da şu meňzeş çözgütler bilen iş tejribesi.

API: RESTful API bilen ygtybarly iş tejribesi, muňa taslamalary döretmek, işläp düzmek we ornaşdyrmak girýär.

Maglumatlar bazasy: PostgreSQL, MySQL ýa-da MongoDB bilen iş tejribesi, çylşyrymly SQL meselelerini ýazmak we olary optimizasiýa etmek ukyp-başarnygy.

Nobatlaryň ulgamy: RabbitMQ, Kafka ýa-da şoňa meňzeş gurallar bilen iş tejribesi.

Autentifikasiýa/awtorizasiýa: JWT, OAuth we beýleki mehanizmler baradaky çuňňur düşünjesiniň bolmagy.

Wersiýalara gözegçilik: Git bilen iş tejribesi we esasy ýörelgeler boýunça düşünjesiniň bolmagy.

Koduň hili: SOLID, DRY we beýleki taslama patternleriň ýörelgelerine eýermek bilen arassa, synag edilýän, goldanylýan kody ýazmak ukyby.

Has oňlanyljak taraplary:

- Mikrohyzmatlar arhitekturasy boýunça iş tejribesiniň bolmagy.
- CI/CD proseslerine we DevOps gurallaryna (Docker) düşünme.
- WebSocket boýunça iş tejribesiniň bolmagy.
Frontend programmasy boýunça hünärmen

Bildirilýän talaplar:

React.js: täjirçilik ugrunda azyndan 2 ýyl iş tejribesi.

JavaScript/TypeScript: Esaslaryna çuňňur düşünjesiniň bolmagy, bu häzirki zaman fiçleri we patternleri öz içine alýar.

Ýagdaýy dolandyrmak: Zustand, Context API ýa-da şoňa meňzeş gurallar boýunça iş tejribesi.

API: RESTful API bilen işlemek ýörelgeleri boýunça düşünjesiniň bolmagy.

CSS: CSS/Sass boýunça ygtybarly iş başarnygynyň ýa-da CSS-in-JS çözgütleri (Styled Components, Tailwind) bboýunça iş tejribesiniň bolmagy.

Wýorstka: adaptiw we kross-brauzer wýorstkanyň esaslaryny bilmek.

Wersiýalara gözegçilik: Git bilen iş tejribesiniň bolmagy.

Kodyň hili: arassa, strukturirlenen we goldanylýan kody ýazmakda ukyp-başarnygy.

Has oňlanyljak taraplary:

Next.js: Next.js ýa-da React binýadynda beýleki frameworkler boýunça iş tejribesiniň bolmagy.

SSR/SSG: SSR we SSG ýörelgelerine düşünmek, olar boýunça iş tejribesiniň bolmagy.

Türkmenportal bäsdeşlige ukyply aýlyk hakyny, amatly iş şertlerini, hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini we işgärler kollektiwiniň dostlukly gurşawyny hödürleýär.

Gyzyklanýan hünärmenler mailto:vacancy.turkmenportal@gmail.com elektron poçtasyna hat ugradyp ýa-da (+993 63) 95 17 34 telefon belgisine jaň edip, habarlaşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň