Flippinleriň merkezi Negros adasynyň 87 müň töweregi ýaşaýjysy Kanlaon ýanardagynyň gaýtadan çogmagy bilen bagly göçürildi. Duşenbe gün ol 3 kilometrlik ýanardag zyňyndysyny asmana pürküp, hünärmenleri gorkuzdy diýip, «rg.ru» habar berdi.
Ýanardagyň çogmagy sebäpli sebitde howa uçuşlary ýatyryldy, iki uçar ätiýaçlyk howa menzillerine ýollandy. Adamlary ýerleşdirmek üçin halas ediş zolaklary döredildi, ol ýerlere gorag nikaplarydyr azyk harytlary eltildi.
Hepdäniň duşenbe güni bolan ýanardag çogmagy hünärmenleri gaty gorkuzdy, olar golaý günlerde has güýçli çogma garaşýarlar diýlip, habarda bellenýär.
Ýurduň Prezidenti Ferdinand Markos-kiçi durmuş üpjünçiligi ministriniň halas ediş etrabyna barandygyny habar berdi. Ol ilatyň howply etrapdan 6 kilometrlik uzaklyga göçürilendigini aýtdy diýip, «Associated Press» ýazýar.
Kanlaon Filippinleriň iň işjeň 24 ýanardagynyň biri bolup durýar. Soňky gezek ol iýunyň başynda çogdy. Şonda ýanardag zyňyndysy bäş kilometrlik belentlige ýetdi. Golaý etraplardan 1,5 müň adam göçürildi.