Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýts çagaka smartfonlar bolan bolsa, milliarder bolup biljekdigine şübhelenýär

14:1910.12.2024
0
22823
Bill Geýts çagaka smartfonlar bolan bolsa, milliarder bolup biljekdigine şübhelenýär
Surat: gazeta.ru

«Microsoft» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri we öňki baş direktory Bill Geýts çagalaryň ösüşine smartfonlaryň we sosial ulgamlaryň zyýan edýändiginden biynjalyk bolýar. Ol bu baradaky pikirlerini paýlaşanda, häzirkizaman tehnologiýalaryň çagalarda çuň pikirlenmek ukybyny ösdürmäge päsgel berýändigini, özüniň hut şu ukyp sebäpli milliarder bolandygyny nygtady diýip, «CNBC» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Geýts eger häzirki çagalar ýaly smartfonlardyr sosial ulgamlara ünsüni sowan bolsa, üstünlik gazanyp bilmezdim diýip hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, çagaka deň-duşlary bilen oýnap, daşky dünýäni öwrenendigini, öz otagynda sagatlap kitap okap hem-de pikirlenip, bu gün bahasy 3,26 trillion dollar bolan kompaniýany döretmegi başarandygyny gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milliarder Nýu-Ýork uniwersitetiniň sosial psihologiýa boýunça hünärmeni Jonatan Haýdtyň «Howsalaly nesil» atly kitabyny okamagy maslahat berdi, kitapda smartfonlaryň we internet sosial ulgamlarynyň doly elýeterliliginiň ýaşlaryň arasynda häzirki döwürde duşýan psihiki saglyk babatda kynçylyklara sebäp bolýar. Şeýle-de «Z» nesliniň arasynda ýalňyzlyk duýgusy we göwnüçökgünlik barha artýar.

Milliarder hemişe-de özüniň üstünliklerini kitap okamak endigi bilen baglanyşdyrýar. Mysal üçin, 1990-njy ýyllarda ol adam aýagy seýrek düşýän ýerde külbede ýaşap, birgiden kitaplarydyr tehniki resminamalary okamak bilen meşgullandy we ony «Oýlanma hepdeligi» diýlip atlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň