«Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» ady bilen döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi.
9-njy dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda ýeňijiler, şonuň ýaly-da, köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy. Bu barada ministirligiň resmi saýtynda habar berildi.
«Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşigiň Baş baýragyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 11-nji orta mekdebi mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebi, 2-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebi mynasyp boldular.
«Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň Baş baýragyna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagy, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldular.