Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy dekabrda ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurduň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.