«Disney» kinokorporasiýasy «Karib deňziniň garakçylary» atly meşhur filmleriň dowamynyň üstünde işleýär we öňki bölümlerde baş keşbi döreden aktýor Jonni Deppiň täze filme gaýdyp gelmeginiň mümkindigini ýaňzytdy. Bu barada «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Häzirki güne çenli aktýor bilen gepleşikler geçirilmedi, emma filmler tapgyrynyň prodýuseri Jerri Brukhaýmeriň täze bölümiň ssenarisiniň iki nusgasynyň üstünde işleýändigi hem-de olaryň birinde baş gahryman Jek Serçäniň keşbinde Jonni Deppiň göz öňünde tutulýandygy habarda bellenýär. «Karib deňziniň garakçylarynyň» dowamy 2025-nji ýylda ekranlara çykmaly.