Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

XII synpy üçin «Nemes dili» okuw kitaby çap edildi

11:2706.12.2024
0
13918
XII synpy üçin «Nemes dili» okuw kitaby çap edildi
Surat: education.gov.tm

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin «Nemes dili» (I daşary ýurt dili) okuw kitaby (awtorlary: J.Öwezowa, G.Gurbanowa, A.Agajykowa) neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Okuw kitaby daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanylypdyr. Kitapda berilýän maglumatlarda geçilýän sapaklarda nemes dilini öwretmekde kemala getirilmeli başarnyklardyr ukyplaryň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berlipdir.

Habarda bellenilişi ýaly, kitapda diňläp düşünmek we okap düşünmek, monolog we dialog sözleýşi ösdürmek bilen bir hatarda ýazuw endiklerini kämilleşdirmek üçin hem gönükmeler berlipdir.

Okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylan bu okuw kitabynda berlen döwrebap we gyzykly temalar okuwçylaryň gözýetiminiň giňelmegine mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň