Tailandda Buddanyň on iki metrlik heýkeli ýykylyp, ruhanylaryň biriniň gurban bolmagyna sebäp boldy. Bu barada «The Thaiger» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Waka ýurduň Amnatçaren ülkesindäki ybadathanada boldy. Ruhanylar Buddanyň heýkeliniň beton tekininiň galybyny aýyrýarkalar, heýkel birdenkä olaryň üstüne agdy. Ruhanylaryň biri pida boldy, bäşisi dürli agyrlykda şikes aldy.
Ýerli ýaşaýjylar Buddanyň heýkeliniň ýykylmagynda gara güýçleri günäkärleýärler. Onuň ýerleşen ýerinde öň bir öý bolup, onda ýaşaýan ruhlar biynjalyk bolupdyrlar diýip, ýerli ýaşaýjylar çaklaýarlar.
Emma baş ruhany gurluşyga ýolbaşçylyk eden ruhanynyň başga ybadathanadandygyny, onuň heýkeliň tekininiň galybyny heniz beton gurap ýetişmänkä aýrandygyny, özüniň bu barada gurluşukçylaryň ýolbaşçysyna duýdurandygyny, emma onuň işiň howpsuzdygyny ynandyrandygyny gürrüň berdi. Onsoňam ol galyplar beýleki ybadathana gyssagly zerur bolan eken.
Ybadathananyň baş ruhanysy adatdan daşary güýçleriň täsiri barada myş-myşlaryň esassyzdygyny, wakanyň diňe inženerçilik hasabynyň ýalňyşlygy netijesinde dörändigini sözüniň üstüne goşdy. Emma ol muňa garamazdan, gara ruhlary kowmak we ýaşaýjylary rahatlandyrmak üçin dini däp-dessury geçirjekdigini söz berdi.