Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça 110 million 134 müň 186 manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 102,9 göterim berjaý edildi.
«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, kärhanada jemi 37 müň 867 tonna un öndürilip, şondan 12 müň 549 tonnasy ýokary hilli, 25 müň 318 tonnasy hem birinji hilli unlardyr. Şeýle-de ýylyň başyndan bäri bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 110 tonnasy, kepegiň 11 müň 498 tonnasy taýýarlanyldy.
Ýüz müň tonna dänäni saklamaga niýetlenilen elewatorda hem-de uly önümçilik mümkinçiligi bolan kuwwatly degirmende öz işine ussat işçi-hünärmenleriň ençemesi agzybir zähmet çekýär. Kärhanada önümçilige goýberilýän bugdaýyň hil derejesine, şonuň ýaly-da taýýarlanylan unuň hiline aýratyn üns berilýär.
Barlaghana Şwesiýanyň, Germaniýanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen. Barlaghanada galla hasylynyň hil derejesi we çyglylygy hasaba alynýar, himiki düzüminiň seljermesi geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.