Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, täze binalar döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär.
Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Bu ýerde umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasynyň, 486 inedördül metr meýdany eýeleýän ulag serişdelerini we harytlary resmileşdirmek işi amala aşyrylýan binalaryň ikisiniň, 966 inedördül metr meýdanda awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalarynyň ikisiniň, gulluk itleriniň saklanýan ýeriniň, Türkmenistan hem-de Özbegistan tarapyndaky derwezeleriň ikisiniň, ýene-de birnäçe durmuş-tehniki maksatly desgalaryň gurlandygyny bellemek gerek. Öň bar bolan desgalaryň birnäçesiniň durky düýpli täzelenip, gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi. Bu ýerde ýurda gelýän awtoulaglar üçin ýörite duralga hem orun berildi, gümrük nokadynyň umumy çägi boýunça uzynlygy 1 müň 500 metre deň bolan germew guruldy.
Döwrebaplaşdyrylmagynyň we giňeldilmeginiň netijesinde, gümrük nokadynyň ulag geçirijiligi bir günde her tarapa 250 awtoulagdan 500 awtoulaga çenli artdyryldy. Munuň özi bu ýerden her günde awtoulaglaryň müňüsiniň gümrük gözegçiliginden geçiriljekdigini görkezýär diýlip, çeşmede bellenilýär.
Täze toplumda işler awtoulaglaryň we harytlaryň girişini hem-de çykyşyny resmileşdirmäge niýetlenen, hersiniň uzynlygy 50 metre deň bolan desgalaryň ikisinde alnyp barlar. Olarda Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryndan başga-da, serhet, migrasiýa, karantin, weterinariýa, sanitariýa, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň, «Awtoulaggözegçilik» kärhanasynyň, bank edaralarynyň işlerini, gümrük dellallarynyň işgärleriniň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly sanly ulgam arkaly resmileşdirme işlerini amala aşyrmaga doly mümkinçilikler bar.