29-njy noýabr — 10-njy dekabr aralygynda Türkmenistanda mugallymlar üçin «Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary» atly ýörite okuw sapaklary geçirilýär.
Bu okuw sapaklary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi» we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» Milli jemgyýetçilik bileleşikleri bilen bilelikde hem-de «Maslahatly Çözgüt», «Startap Merkezi» we «Eksport Konsalting» işewürlik inkubatorlarynyň goldawy bilen guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Okuw sapaklary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasynda ýerleşýän Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda alnyp barylýar. Oňa ýurduň ähli welaýatlarynyň hünär okuw mekdeplerinden 31 sany mugallym gatnaşýar.
Okuwyň esasy maksady ýurduň 17 sany orta hünär okuw mekdebiniň ählisinde startap platformalaryny (işewürlik inkubatorlaryny) döretmekden, bu platformalar üçin işgärleri taýýarlamakdan, şeýle hem ýaş oýlap tapyjylara we startaplara innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek mugallymlary taýýarlamakdan ybaratdyr.
Okuw maksatnamasy startapy işe girizmegiň tehnologiýasy, startaplar üçin netijeli marketing strategiýalary, startaplary amala aşyrmagyň gözegçiliginiň sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýa ugurlary, emeli intellekt we ony ulanmagyň etiki taraplary, startaplaryň ösüş tapgyrlary we halypaçylyk prosesleri, şeýle-de beýleki köp sanly döwrebap we zerur soraglar ýaly, möhüm we häzirki zaman temalaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylaryň işewürlik kompaniýalarynda degişli iş endiklerini almaklary üçin iş ýüzünde gatnaşmaklary hem göz öňünde tutulýar.
Okuwy guraýjylar onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň bilim edaralarynda innowasion çemeleşmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we bu işleriň täjirleşdirilmegi arkaly hünär bilim edaralarynyň işiniň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna itergi bermegine bil baglaýarlar.